- äň
- Kelle-süňki bilen birleşýän eňek süňki.∙ Ol aýalyň agzyndan äňi ýazaýsa nätjek?! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)∙ Onuň äňini ýazdyrdyňyz. (H. Ysmaýylow, Mugallymyň Gyzy)∙ Pökgen bolsa ullakan äňini giňden açyp, gözlerini hem mölertdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ äňi açylan ýaly — Ýerliksiz köp gürleýän, ýürege düşgünç gürüňler edýän, samrap oturýan, bolgusyz gürrüňler bilen irizýän adam.∙ Ol bir gürüňe başlasa, edil äňi açylan ýaly birsyhly samrap otyr.◊ äňi açylmak — Ýadamak, lüti çykmak, leji çykmak.∙ Bütin gün işläp äňim açyldy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.